Ýakynda, has dogrusy, 14-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiziň hut özüniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň sanly teleköpri arkaly gatnaşmagynda Akina-Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) – Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar-Akina hem-de Serhetabat-Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany” ýylynyň ilkinji günlerinde taryh sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljak şanly wakalaryň biri boldy. Köp asyrlyk hoşniýetli häsiýete eýe bolan türkmen-owgan dostlukly gatnaşyklary bu günki günde özüniň täze döwrüne aýak basdy. Ine, birnäçe ýyllardan bäri öz goňşy ýurduna, owgan halkyna ynsanperwer kömegini yzygiderli berýän Türkmenistan Owganystanyň ykdysadyýetini diketlmekde, parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde özüniň aýratyn işjeňligini görkezýär. Ýol gurmak we bina galdyrmak türkmeniň asylly häsiýetleriniň biridir. Bu babatdaky daşary syýasatymyz bolsa goňşy owgan topragynda öz kemalyny tapýar. Türkmen gurluşykçylarynyň goňşy Owganystanda gurluşyk işlerini alyp barmakda tejribesi günüň-gününe artýar. Bu aýdylanlar demir ýol gurluşygynda hem şeýle häsiýete eýe. Şu ýerde bolsa, Akina-Andhoý demir ýolunyň gurulmagynyň ähmiýeti we onuň gurluşygynyň aýratynlyklaryny belläp geçeliň.
• Ähli taslama işleri “Türkmendemirýollary” agentliginiň “Türkmendemirýoltaslama” ylmy-barlag instituty tarapyndan amala aşyryldy. Demir ýoluny çekmekden başga-da 30 kilometrlik ýoluň ugrunda ätiýaçlyk we gapdal ýollary guruldy, konteýner terminallary we beýleki kömekçi desgalar bina edildi we enjamlaşdyryldy. Türkmen ýol gurluşykçylarynyň döwrebap tehnikalary we enjamlary, işleriň sowatly we dessin guralmagy bu möhüm taslamany üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berdi.
• OYR-nyň polat ýollaryny çekmek işinde türkmen demirýolçulary bilen üstünlikli we uly mümkinçiliklere eýe bolan hyzmatdaşlygy goňşy ýurtlaryň we halklaryň bähbidine hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, özara bähbitli sebit we halkara ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam eder.
• Ol owgan ykdysadyýetini ösdürmek, möhüm durmuş meselelerini, şol sanda ilaty iş bilen üpjün etmek bilen bagly meseläni üstünlikli çözmäge itergi berip, maýa goýumlaryny çekmäge ýardam eder hem-de Owganystandaky ýagdaýa oňyn täsirini ýetirer. Täze demir ýol bilen birlikde, Owganystanyň bu etraplaryna täze durmuşyň hem geljekdigini ynam bilen aýdyp bolar.
• Akina-Andhoý demir ýoly goňşy ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek üçin goşmaça şertleri döreder, onuň kiçi we orta işewürligini işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikler açar, owgan önümlerini dünýä bazarlaryna çykarmaga mümkinçilik döreder.
• Gurluşygyň çäklerinde Türkmen hünärmenleri tarapyndan halkara ýük daşamalarynda sanitar howpsuzlygyny üpjün edýän ýokançsyzlandyryjy germewler guruldy. Olar häzirki wagtda dünýäde pandemiýe häsiýetli ýagdaýyň döremegi bilen baglylykda adatdan daşary möhüm ähmiýete eýedir. Bu babatda demir ýol ulagy ýük daşamakda howpsuz we netijeli usul bolup durýar.
• Geljekde Kerki-Ymamnazar-Akina-Andhoý ulag geçelgesi Merkezi we Günorta Aziýadan harytlary Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň çalt ösýän döwletleriniň bazarlaryna çykarmak üçin amatly ýola öwrülip biler. Şeýlelikde, polat ýoly sebit we halkara derejesinde üstaşyr-ulag ýük daşalýan ugurlaryň möhüm bölegine öwrüler hem-de dünýäniň hojalyk gatnaşyklar ulgamyna Owganystany goşmaga ýardam eder.
Görşümiz ýaly, türkmen ynsanperwerliginiň we paýhasynyň kökleri dünýä ýaýraýar. Täze başlangyçlara, röwşen geljegi nazarlaýan maksatlara badalga berýär. Goňşy owgan halkynyň ykdysady galkynyşyny goldamak we ýardam bermek türkemn halkynyň däbe öwrülen netijeli dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny görkezýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň mazmynynda hem asyrlardan gözbaş alýan türkmeniň asylly ýörelgelerini görmek bolýar. Akina-Andhoý demir ýolunyň gurlup ulanylmaga berilmegi bolsa, ýurdumyzyň goňşy ýurtlardan geçýän ulag-üstaşyr geçelgeleriniň kömegi dünýä ykdysady giňişligine has-da çuň aralaşmagynda eziz Diýarymyzyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Türkmen döwleti üçin täze ykdysady we medeni ýollary açýar. Täze ösüşlere, özgerişlere mümkinçilik döredýär. Şeýle belent maksatlary amala aşyrmakda giň möçberli işleri amala aşyrýan Arkdag Prezidentimize köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, türkmen halkyny bagtyýar, eşretli zamananyň goýnunda ýaşadýan, sebitde we dünýäde ählumy parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde dünýä ähmiýetli başlangyçlary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun.
Toýly MUHAMMETDURDYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalsitika hünäriniň talyby.

TM










