29-njy sentýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň gözel
künjeginde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk
toplumyna baryp, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy we atly gezelenç
etdi. Bu ýerde milli Liderimiz bedewleriň idedilişi hem-de ýagdaýy, aýratyn-
da, çapyşyga gatnaşýan atlaryň seýislenişi bilen gyzyklandy.
Ahalteke atçylyk toplumynda hormatly Prezidentimiz mähirli bedewler bilen
didarlaşyp, Şapolat atly aty athanadan çykaryp, onuň bilen gezim etdi.
Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bedew ata atlanyp, ony
çapuw ýodasyna çykardy. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň häzirki okgunly
ösüşiň we rowaçlygyň täze belentliklerine tarap gadam urýan ahalteke
bedewiniň ýyndamlygy bilen deňeşdirilýändigini bellemek gerek.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistan
dünýäde iri atşynaslyk merkezi hökmünde tanalýar, bedewlerimiz hem-de
çapyksuwarlarymyz bolsa halkara sergileriniň, abraýly atçylyk sport
ýaryşlarynyň we çapyşyklaryň ýeňijileri bolýarlar.
Ahalteke bedewleriniň dünýäde şan-şöhratyny artdyrmak hem-de arassa
tohumyny gorap saklamak maksadynda uly işler geçirilýär. Milli Liderimiz
tutuş kalby bilen bedewlere halkymyzyň belent sarpasyny, mährini siňdirip,
olar baradaky aladany, ahalteke tohumly bedewleriň sanyny artdyrmak hem-
de atçylyk sungatynyň milli däpleriniň dowamatlylygyny saklamak we
häzirkizaman tehnologiýalary bilen baýlaşdyrmak işlerini syýasatyň ileri
tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi.
At çapyşyklary — türkmen toýlarynyň aýrylmaz bölegidir. Ýurdumyzyň
durmuşynda möhüm ähmiýetli bolan toý-baýramlar mynasybetli at
çapyşyklary guralýar.