Kimdir birinden maksadyny sorasak, näme üçindir arzuwlaryny wasp etmäge
başlaýar. Daşary ýurt dilinde ýazyljak şygyrlardan, ene dilinden gazanyljak
olimpiada ýeňişlerinden, dünýä belli tanymal futbol toparynyň düzüminde
oýnaljak oýunlardan, täze ediljek ylmy açyşlardan we bularyň gürrüňlerinden
ýadamadyňyzmy? Ýadansyňyz!
Sizi ýadadýan bularyň gürrüňleri däl, bularyň diňe gürrüňligine galmagy.
Berk belläň! Her gün ugruna ädim ädilmedik maksat arzuwlygyna galýar.
Arzuwlary maksada öwürmegiň ýeke-täk ýoly bolsa, olary
meýilnamalaşdyrmakdyr.
Siz bu gün maksadyňyza ýetmek üçin birzat etdiňizmi? Näme etdiňiz? Bu
hepde haýsy ädimleri geçmegi maksat edinýärsiňiz? Sizi maksadyňyza tarap alyp
barjak aýlyk, üç aýlyk, alty aýlyk we bir ýyllyk meýilnamalaryňyz barmy?
Bar bolsa, gaty gowy. Şol meýilnama boýunça hereket ediberiň! Şeýle
etseňiz, hökman arzyly maksadyňyza bararsyňyz!
Ýok bolsa-da howlugyň! Ýogsam arzuwlaryna tarap ýekeje ädim ätmedik
millionlaryň hataryna goşulmagyňyz gaty ahmal.
Geliň, arzuwlarymyza tarap ynamly ýöräliň! Belki, olar gaty uzakda-da
däldirler.