Dil  öwrenmek häzirki zaman dünýäsinde örän derwaýys  hasaplanýar.  Bir  dil öwrenmek ol dildäki ähli maglumatlaryň gapysynyň saňa açylmagy diýmekdir. Dünýä meşhur bilermenleriň terjimehallary bilen tanyş bolsaň, olaryň aglabasynyň ylmy  daşary  ýurt  dillerinde  özleşdirendigine göz ýetirýärsiň.

Edinburg uniwersitetinde  2008-2010-njy   ýyllar  arasynda  geçirlen  ylmy-barlag işiniň  netijesine görä 2  ýa-da has  köp dilde  aragatnaşyk  gurnap bilýän adamlaryň  beýin  aktiwligi  ýeke  dil  bilýänleriňkä  garaňda  mese-mälim tapawutly bolup durýar. Bu barada “Annals of Neurology” atly žurnalda gürrüň berilýär. 262 adama 11 ýaşynda geçirlen zehin testlerini 70 ýaşlarynda täzeden geçirmek  arkaly  gurnalan  ylmy  işde,  iki  dili  seljerip  bilýän  adamlaryň  aň  we beýin ukyplarynyň has ýokarydygy anyklandy. Eýsem, dil öwrenmek üçin näme zerur:

Islemek  gerek:  Dil öwrenmek ilki islemek bilen başlanýar.

Hakykatçyl  boluň:  Köp  adam  öz  öňünde  dil  öwrenmek  babatda  ýetip

bolmajak ägirt maksatlar goýýarlar we bu olaryň sustunyň basylmagyna sebäp bolýar.  Nemes  dilmaçlaryndan  Judith  Matz  şeýle  maslahat  berýär:  “Täze  bir dilde  50  sözi  jemläň  we  olary  gürrüňdeşlikleriňizde  ulanmaga  başlaň.  Grammatikany mundan soň öwrenmek dogry”.

Dili  ýaşaýyş  stili  hökmünde  kabul  ediň:  Elisabet Buffrad  iňlis  dilini  27 ýyldan bäri öwrenip gelýär. Ol bu babatda şeýle diýýär:  “Gaýratly bolmak bir öwrenijini  beýlekilerden  tapawutlandyrýan  bir  artykmaçlyk.  Dili  hassa  wagtyňyzam, ýadaw wagtyňyzam alyp baryp boljak bir güýmenje hökmünde kabul ediň.”.

Öwrenýän diliňizi öýde oýuna öwüriň: Daşary ýurt diliňizi gündelik durmuşyňyzyň  içine  näçe  çuň  ornaşdyryp  bilseňiz, beýniňiz  ol  dili  şonça  ýokary ähmiýetde  kabul  eder.  Rus  terjimeçisi Olga  Dmitroçenkowa  bu  ýagdaýy  şeýle beýan  edýär:  “Her  mümkinçiligiňizi  täze  dile  uýgunlaşdyryň.  Meselem, öýüňizdäki  her  abzallaryň  üstüne  täze  dildäki  atlaryny  ýelmäp  çykyň,  ol  dilde ýazylan çaga kitaplaryny okap çykyň”.

Täze  dostlar  tapyň:  Täze  öwrenen  diliňizde  aragatnaşyk  gurnamak  gaty zerurdyr, sebäbi beýin täze sözleri ilki öz içinde terjime edip onsoň sözlemek arkaly işleýär. Täze öwrenýän diliňizi ene dili hökmünde ulanýan bir adam bilen  aragatnaşyk  gurnaňyzda bolsa  adam  gatnaşygy  dilden  has  öňe çykýar  we beýni öz üstündäki dartgynlykdan azat bolýar, aňsat özleşdirýär.

Ýalňyşmakdan gorkmaň: Täze dil öwrenmekde iň esasy päsgelçilikleriň biri hem  şudur.  Emma  gynansak-da,  dil  öwrenmegiň  synanyşmakdan  we  ýene synanyşmakdan başga  ýoly  ýok;  bu  ýatda  galyjylyk taýdan hem  gaty  peýdaly.

McGill  uniwersitetinde  bir  alymlar  topary  “diňlemek we  synanyşmagyň beýni işjeňligine täsiri”  barada  ylmy-barlag  iş  geçirdi.  Bu  barada  “Celebral  Cortex” atly žurnaldaky bir habarda aýdylýar. Ol ylmy işiň netijesine görä, adamlar çalyp gören  sazlaryny diňe  diňläp  gören  sazlaryndan has  oňat  ýadynda saklaýarlar. Barlag işiniň ýolbaşçylaryndan Prof. Caroline Palmer, diňe diňlenen saza derek çalyp görlen sazyň ýa-da diňe diňläp görlen söze derek sesli aýdylyp görlen sözüň has oňat ýatda galýandygyny nygtaýar. Geliň täze bir dil öwreneliň! Eger hakykatdanam islesek ähli päsgelçilikleri pursatlara we mümkinçiliklere öwrüp bileris. Bu diňe biziň ýeterlik islege eýe bolmagymyza bagly we ýaşyñ uly bolmagy ýa-da kiçi bolmagy hiç zady üýtgedenok.