Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşine Mejlis bilen bilelikde korrupsiýa we parahorluga garşy göreşmek baradaky maksatnamany gysga wagtyň içinde täzelemegi hem-de hödürlemegi tabşyrdy. Bu barada döwlet Baştutany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde aýtdy.
Bu resminama döwlet häkimiýet edaralarynyň we häkimlikleriň, guramalaryň hem-de kärhanalaryň amala aşyrýan guramaçylyk, ykdysady, hukuk, maglumat we işgärler häsiýetli çäreleriniň hemişe kämilleşdirilip durulýan ulgamyny öz içine almalydyr diýip, milli Lider belledi. Onuň esasy maksady jemgyýetimizde korrupsiýany döredýän sebäpleri we şertleri köki-damary bilen ýok etmekden ybaratdyr.
Döwlet Baştutany ýygnananlara ýüzlenip, şu günki bilelikdäki mejlise ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylarynyň ählisiniň diýen ýaly gatnaşýandygyny nygtady. “Men özümiň wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşymda we beýleki çykyşlarymda ýaramaz ýagdaýlaryň öňüniň hemişe alynjakdygy, günäkär bolan ähli ýolbaşçylaryň, eýeleýän wezipesine garamazdan, jogapkärçilige çekiljekdigi barada aýdypdym” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Döwlet gullukçylaryndan, ilkinji nobatda bolsa, hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerinden öz gulluk borçlaryny dogruçyllyk bilen, ak ýürekli ýerine ýetirmegi, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň bähbitleriniň olar üçin hemme zatdan ýokary bolmagyny talap etjekdigimi nygtapdym diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Prezident Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýüzlenip, kanunlarda parahorluk we korrupsiýa üçin temmi çärelerini berkitmek boýunça ýene-de bir gezek seretmegiň zerurdygyny belledi.
«Men halkyň puluny ogurlamaga, halkymyzyň hasabyna baýamaga hiç kime, hiç haçan ýol bermerin» diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Döwlet Baştutany B.Atdaýewiň ýolbaşçylyk edýän Baş prokuraturasynyň giňeldiljekdigini we işgär sanynyň artdyryljakdygyny belläp, döwlet serişdelerini ogurlamak ýaly nogsanlygyň köki-damary bilen ýok ediljekdigini nygtady.
Mejlisiň barşynda Baş prokuror B.Atdaýew döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginde geçirilen barlag işleri hem-de ýüze çykarylan kemçilikler barada hasabat berdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow polisiýanyň general-leýtenanty I.Mulikowy işinde we garamagyndaky düzümlere ýolbaşçylyk etmekde goýberen düýpli kemçilikleri, gulluk ýagdaýyndan hyýanatçylykly peýdalanandygy hem-de wezipe borçlaryny gödek bozandygy üçin Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesinden boşatdy we ýörite adyny polisiýanyň maýory ýörite adyna çenli peseltdi, şeýle hem ähli döwlet sylaglaryndan mahrum etdi. Türkmen Lideri M.Çakyýewi içeri işler ministri wezipesine belläp, ony Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
BAŞ SAHYPA: Политика Döwlet howpsuzlyk geňeşi we Mejlis korrupsiýa we parahorluga garşy göreşmek baradaky maksatnamany...
