Hakyda milletimiziň ýaşaýşynyň aýrylmaz ruhy bölegidir. Ol nesilleri birikdirýän berk ýörelge bolmak bilen diňe bir gözbaşlarymyzy we däp-dessurlarymyzy gorap saklamak däl, eýsem, taryhy tejribäniň esasynda milletiň täze ykbalyny, ýagty geljegini gurmaga mümkinçilik berýär. Hatyra güni milleti birleşdirýär we jebisleşdirýär.
6-njy oktýabrda Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlary hem-de 1948-nji ýylyň heläkçilikli Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary ýatlap, Hatyra güni bellenilip geçildi.
Şu gussaly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürildi, hemme ýerlerde aýat-töwir okalýar, sadakalar berilýär. Hatyra gününde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Ir säher bilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň ýadygärliklerine gül desselerini goýmak üçin ýürek emri bilen aşgabatlylaryň müňlerçesi geldi. Döwlet Baştutany «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärlikleriniň etegine gül desselerini goýdy.
Mejlisiň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, ýaşlar, köp sanly aşgabatlylar ýadygärliklere gül desselerini goýdular.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň heýkeliniň oturdylan ýerine geldi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň müftisi bilen bilelikde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň heýkelini hatyralap, gül dessesini goýdy. Bu ýerde merhumyň ruhy ýatlanyp, aýat-töwir okaldy.
Soňra döwlet Baştutany bu çärä gatnaşyjylar bilen bilelikde seýilgäh toplumynyň içi bilen ýöräp ugrady. Ýolugra milli Liderimiz paýtagtymyzyň seýilgählerini abadanlaşdyrmak, olarda dynç almak üçin zerur şertleri döretmek bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Munuň özi şäheriň ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýetlidir.
Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylda Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň doglan gününe 80 ýyl dolýandygyny aýtdy. Halkymyzyň asylly däbine eýerip, merhum Saparmyrat Türkmenbaşynyň aşy berilmelidir. Munuň özi parz hasaplanýan ýörelge bolmak bilen, ol Türkmenistanyň ilkinji Prezidentine bildirilýän hormat-sarpanyň nyşanydyr. Şeýle hem ol milletiň ynsanperwer däpleriniň mynasyp dowam edýändigini aňladýar. Türkmenistanyň müftüsi soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden, raýatlardan haýyr-sahawat serişdeleriniň gelip gowuşýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz halkymyzyň oňyn ýörelgelerine laýyklykda berilýän haýyr-sahawatlaryň metjitler we täze metjitleriň gurluşygy üçin ulanylmalydygyny belledi. Munuň özi halk tarapyndan berilýän haýyr-sahawatyň degişli maksatlar üçin ulanylmagynda aýratyn ähmiýetli bolup durýar.