Howanyň üýtgemegi häzirki wagtda dünýäde iň uly meseleleriň biri bolup
durýar. Howanyň üýtgemegi we ekologik meseleleriň ýüze çykmagy dünýäniň
syahatçylyk zolaklarynyň ýitmegine getirýär. Alymlaryň geçiren işlerinde
dünýäniň 10 sany syýahatçylyk zolaklaryna ekologik meseleler tarapyndan ýok
bolmaklyk howpy abanýar.
- Hindistandaky Täç-Mahal kümmeti.
Alymlaryň aýtmagyna görä, ak meremer bilen bezelen dünýäniň ýedi
täsinliginiň biri bolan Täç-Mahalyň ýumrulmagyna 10 ýyldan köp wagt galmady.
Onuň sebäbi, Täç-Mahaly Jamine derýasynyň ýuwmagy, ol derýanyň hapalanmagy
we ekologiýa ýagdaýynyň pese gaçmagy kümmeti saklaýan gaşlaryň
ýuwulmagyna, agaçlaryň bolsa çüýremegine eltýär. Ýene-de bir sebäbi
syýahatçylaryň we adamlaryň köp barmagy, kümmetiň içindäki mermeri
zaýalaýar.
ÝUNESKO-nyň haýyşy boýunça Dünýäniň ýedi täsinliginiň biriniň birnäçe
ýyldan ýapylmak mümkinçiligi artýar. - Antarktidanyň buzluklary.
Amerikaly alymlaryň emeli hemradan düşürilen suratlaryň üstünde işläp
çykaran netijesine görä, howanyň üýtgemegi Antarktidanyň buzluklarynyň
azalmagyna we ýukalmagyna, buzluklaryň bütinleý eremegine elter. Bularyň öňüni
almak üçin geljekde syýahatçylaryň sanyny azaltmak we şol zolaga bütinleý
syýahatçylygy ýapmak niýetlenýär. - Hytaýdaky Ýanszy derýasynyň tokaýlygynyň ýitmegi.
Dünýäniň iň owadan we gözel ýerleriniň biri hem Hytaý Halk
Respublikasyndaky Ýanszy deryasynyň tokaýlyklary we haýwanat dünýäsi.
Senagatyň ösmegi bilen bu tokaýlyklaryň gyrylmagy netijesinde bu ýeriň haýwanat
dünýäsine hem ýitme howpy abanýar. Şol tokaýlykda ýaşaýan haýwanlaryň aglaba
bölegi başga ýurtlarda duş gelmeÿän haýwanlardyr. Senagatyň ösmegi we howa
şertleriniň üýtgemegi bu ýeriň tebigatyna we haýwanat dünýäsiniň ýitmekligi uly
mesele bolup durýar. - Maldiw adalary.
Häzirki wagtda Maldiw adalary deňiz derejesi bilen bir derejede ýerleşýär.
Soňky barlaglaryň netijesinde bu adalar toplumynyň iň beýik bölegi deňiz
derejesinde 2,4 metr beýiklikde. Bu bolsa ada üçin howply ýagdaýlaryň biri bolup
buzluklarynyň eremegi netijesinde bu ada geljekde tutuşlaýyn deňziň aşagyna
gider. Häzirki wagtda adalarda ýaşaýan ýerli halk üçin Hindistan ýarym adasynda
ýerler satyn alynýar. - Wenesiýa (Italiýa).
Häzirki wagtda dünýäniň iň owadan şäheri Italiýanyň Wenesiýa şäheri bolup
durýar. Deňiz derejesiniň galmagy bu şähere hem uly zeper ýetirýär. Ýylda şäher 1
millimetr aşaklygyna çökýär. Alymlaryň çaklamagyna görä, 2100 ýylda şäher
tutuşlygyna deňziň aşagyna çümer. Şol meseläniň öňüni almak üçin şäheriň
merkezinde uly gämileriň gatnawlaryny azaltdylar. Sebäbi olardan gelýän tolkunlar
şäheriň aşagyndaky daşlary ýuwup, olaryň ýumrulmagyna getirýär. Geljekde
syýahatçylaryň sanyny hem azaltmak meselesi orta atylar diýlip syýahatsynaşlar
belläp geçýärler.