UEFA Çempionlar ligasynyň 2024-nji ýylda geçiriljek reformasyny
tassyklady, diýip Deutsche Welle habar berýär.
Çeşmäniň habaryna görä, häzirki wagtda oýnaýan 32-e topara derek, ýaryşyň
täze formatynda, 36 topar bäsleşer. Kwalifikasiýany geçip bilmedik saýlama
klublar, täze ýerleri alarlar. Özgertmelere görä toparlara bölünmegiň ýerine bir
liga dörediler. Iň gowy sekiz topar pleý-off tapgyryna çykar, galan klublar täze
pleý-off tapgyryna saýlanyp alnan. Täzelenen ýaryş formatyndaky her bir kluba 10
goşmaça oýun, şeýle hem girdejiniň ýokarlanmagy kepillendirilýär.
Şeýle hem, öň 12 sany klubuň Ýewropa Super ligasynyň döredendigini yglan
etdi . Olar: Milan, Arsenal, Atletiko, Çelsi, Barselona, ​​Inter, Ýuwentus, Liwerpul,
Mançester Siti, Mançester Ýunaýted, Real Madrid we Tottenham.