IÇKI SESIMIŇ MASLAHATLARY (Umydymyň ganatly sözleri) Başyň dik bolsun! Ähli kynçylyklary depesinden garap kabul et. Seniň nähili adamdygyňy diňe bir meseleleriň däl, olary kabul edişiň we çözgütleri tapyşyň hem görkezýär. Hereket etmeseň, kynçylyklar ýitip gitmez, tersine, köpeler. Başarýan wagtyň eliňden gelen zady et hem-de edýän zatlaryň barada özüňe hasabat ber. Dogry ýolda bir ädim ätmek hem üstünlikdir. Ädimler ahyry metrlere, soňra kilometrlere öwrüler. Unutma, geçilen müň kilometrlik ýol bir ädimden başlanýandyr. Hemişe galypda ýaşama, özüňi kämilleşdir, kemçilikleriň bilen göreş. Başga adamlardan ylham al, olardan täze zatlary öwren. Öňüňde öz üstünlikleriňi artdyrmagy maksat edinip goý. Her gün maksadyňa ýetmek üçin hereket et. Beýniň ähli zada kemçiliksiz etjekdigiňe ynansyn. Öz-özüň bol we muňa buýsan. Başga birine meňzejek bolmak ýa-da özüňi üýtgetmäge bolan synanyşyk seniň içki şahsyýetiňe zyýan ýetirýär. Özüň bol. Içiňdäki sesi diňle — onuň pikirlerinden, güýçli we täsin taraplaryndan, başga hiç kimde bolmadyk häsiýetlerinden peýdalan. Özüňi diňe bolşuň ýaly görme, öz mümkinçilikleriň esasynda häzirki bolşuň has kämilleşdirilendigini ykrar et. Eger özüň bolup başarmasaň, hiç wagt başgasyna meňzäp bilmersiň. Öz durmuşyň jogapkärçiligini öz eliňe al. Gelnen netije we ýalňyşlyk diňe seňki bolsun, olary düzetmek üçin hem özüň herekete taýyn bol, başgasyna bil baglama. Öz durmuşyň jogapkärçiligini öz boýnuňa almasaň, muny başga biri eder. Şeýle bolaýsa onuň pikirleri we arzuwlaryny ýerine ýetirmek bilen özüňkilere eliň degmez. Sen gönüden-göni öz durmuşyňa höküm edip biljek ýeke-täk adamsyň. Hawa, bu hemişe aňsat düşenok. Hemme kişide hem ýeterlik kynçylyk döreýär. Emma bu ýagdaýdan her kimiň özi baş alyp çykýar, senem şeýt. Eger mundan ýüz öwürseň, ýaşaýşyň manysy bolmaz. Ädim ätmäge taýyndygyňa ynan. Sen bireýýäm taýyn. Pikir edip gör, sende kiçijik ädim ätmek üçin birgiden sebäp bar. Eliňdäki mümkinçilikden peýdalan, kynçylykdan gaçma. Ol saňa ösmäge kömek edýär ahyry. Öz ýalňyşlyklaryň bilen alan sapaklaryň gadyryny bil. Ýalňyşlyk — bu adaty zat, ol ösüşiň subutnamasy. Eger wagtal-wagtal şowsuzlyga duçar bolup durmasaň, yhlasam etmersiň, öwrenmersiňem. Töwekgellik et, ýykyl, soňra bolsa aýaga gal we täzeden synanyş. Hereket edýändigiňe, öwrenýändigiňe, ösýändigiňe, iň esasysy hem kämilleşýändigiňe guwan. Uly üstünlik elmydama yzygiderli şowsuzlygyň ahyrynda bolýandyr. Seniň gorkýan ýekeje ýalňyşyň iň uly üstünligiňe köpri bolup biler. Ýalňyşlyklara sagbolsun aýt, olar seniň kimdigiňi görkezýär. Pikirleriňi we arzuwlaryňy ünsden düşürme. Durmuşda bar ünsümizi elimize gelip gowşan pursatdan peýdalanmaga gönükdirýäris, pursaty döretmek barada az oýlanýarys. Sen hiç wagt ähli zadyň 100 % başa barjakdygyna kepil geçip bilmersiň. Ýöne hereket etmeseň welin, ähli zadyň 100 % puç boljakdygyny arkaýyn aýdyp bilersiň. Saňa gerek bolan zat bary-ýogy şol pursata ymtylmak. Soňlugy bilen ýagdaýyň nähili özgerjekdigine kelle agyrtmak nämä gerek?! Barybir bolmalysy ýaly bolar. Ýa saňa üstünlik elini bulap, garaşyp durar ýa-da özüňe sapak edinersiň. Islendik ýagdaýda-da, utuşly bolarsyň.
Içki sesimiň maslahatlary dowamy…
