Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň duşuşygy boldy.

Dostlukly döwletleriň Baştutanlary meseleleriň giň topary, şol sanda uzak möhletleýin ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar hem-de ägirt uly kuwwata eýe bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmanyň uludygyny tassykladylar.

Şunuň bilen baglylykda, dürli derejelerde gazanylýan ylalaşyklary amala aşyrmakda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-özbek toparynyň işine oňyn baha berildi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew bilelikdäki giň gerimli düzümleýin taslamalary, ozaly bilen, täze üstaşyr geçelgäniň taslamasyny amala aşyrmagyň möhümdigini bellediler. Bu Eýranyň, Omanyň hem-de Hindistanyň deňiz portlaryna gysga ýol bilen çykmaga mümkinçilik döredip, söwda, üstaşyr gatnawlary we maýa goýumlaryny has-da artdyrmak üçin şert döreder. Ynsanperwer ulgamda netijeli gatnaşyklar bilen bagly meselelere uly üns berildi. Onuň esasynda iki goňşy ýurtlaryň halklarynyň medeni we ruhy däpleriniň taryhy emele gelen umumylygy durýar.