Fransiýanyň  Pariž şäherinde ýerleşýän ÝUNESKO-nyň Merkezi binasynda
Türkmenistana bagyşlanan sergi we türkmen modelýerleriň işleriniň görkezilişi
guraldy.
Fransiýa Respublikasyndaky Türkmenistanyň Ilçihanasynyň guran çäresine
Fransiýanyň Parlamentiniň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, jemgyýetçilik köpçüliginiň wekilleri, şeýle hem ÝUNESKO-nyň,
Parižde ýerleşýän halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň  ýolbaşçylary hem-de
işgärleri gatnaşdylar. Sergä köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň  wekilleri
gatnaşdylar.
Sergide nepis türkmen halylary, milli şaý-sepler we sowgatlyklar, milli
lybaslar, ketenileriň hem-de el keşdeleriniň nusgalary görkezildi. Şeýle hem
sergide Türkmenistanyň Prezidentiniň ýiti galamyndan çykan kitaplary we neşirýat
gullygynyň önümleri sergide uly orun eýeledi, şol sanda Türkmenistanyň taryhy-
medeni we türkmen tebigatynyň gözellikleri, häzirki keşbi barada gürrüň berýän
kitapçalar we fotoalbomlar we wideofilimler goýuldy.  
Türkmen modelýerleriniň döreden ýüpekden, nepis panbarhatdan tikilen we
özboluşly el keşdeleri salnan zenanlar üçin toý-dabaralara niýetlenen lybaslarynyň
görkezilişi bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.
Sergä we duşuşyga gatnaşanlara türkmen halkynyň datly tagam taýýarlamak
däpleri bilen tanyşmaga we olary dadyp görmäge mümkinçilik döredildi. Soňra
duşuşyga gatnaşanlar bu çäräni guran Türkmenistanyň ilçhanasyna minnetdarlyk
bildirdiler.