Türkmenistanyň Prezidenti döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda bina edilen täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, täze kärhananyň mümkinçilikleri we aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdy.
Täze senagat toplumynyň düzümine ýüplük, dokma, boýag, tikinçilik fabrikleri girýär. Bu çözgüt milli ykdysadyýetimiziň pudaklary köpugurly esasda ösdürmegi, sebitleriň senagat taýdan ösüşini we bar bolan çig maly çuňňur gaýtadan işlemegi nazarlaýan strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüldi.
Toplumda ýörite barlaghana bölümi bolup, onda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary ornaşdyryldy. Olaryň kömegi bilen ýüplükleriň we beýleki önümleriň hil görkezijileriniň häzirki zaman talaplaryna, ekologik ýagdaýa laýyk gelýändigi kesgitlenilýär.
Toplumyň egirme-hil barlag bölüminde ýarym taýýar önümleriň belgisini kesgitlemek üçin ýörite saraýjy enjamlarda ýüplükler saralýar we taýýar önümler elektron terezisinde onuň belgisi kesgitlenilýär. Şeýle hem bu enjamyň kömegi arkaly ýüplükleriň çeýeligi, olaryň towunyň berkligi kesgitlenýär we degişli netijeler berilýär. Barlaghanada pagta süýüminiň berkligi, galyňlygy, uzynlygy we beýleki görkezijileri kesgitlenip, olar boýunça önümçilige degişli netijeler ugradylýar.
Taslamada çig maldan başlap, onuň taýýar önümlerine çenli ähli iş ulgamy göz öňünde tutuldy. Täze dokma toplumynyň işe girizilmegi pagta süýüminiň önümçiligini artdyrmaga hem-de ýetişdirilen “ak altyn” hasylyny ýerinde gaýtadan işlemek netijesinde daşamak üçin çykdajylary azaltmaga, girdejileriň artmagyna mümkinçilik berer. Şeýlelikde, bu etrap senagat taýdan ösüp, onuň ykdysady kuwwaty artar. Bu önümçilik toplumynyň gurluşygyna 2018-nji ýylyň mart aýynda girişilendigini bellemek gerek.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite ulagda toplumyň ýüplük fabrigine tarap ugrady. Fabrikde ylmyň iň soňky gazananlary we dokma önümçiliginde täzeçil tehnologiýalar ulanylyp, ekologik taýdan arassa önümler öndürilýär. Ykdysady taýdan bähbidi bolan enjamlaryň ulanylmagy bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge niýetlenen kuwwatlyklaryň esasy şertidir.
Hünärmenleriň biri türkmen Liderine bu ýerde ähli dolandyryş işleriniň awtomatik usulda ýerine ýetirilýändigi we ýörite monitorlar arkaly işiň gidişine gözegçilik edilýändigi barada gürrüň berdi. Döwlet Baştutany önümçilik tapgyry bilen tanyşdy. Maglumatda fabrikde ýurdumyzda öň öndürilmedik önümiň — “kompakt-penýe” kysymly nah ýüplügiň çykarylmagynyň ýola goýlandygyna, şonuň ýaly-da ýüplügiň garyşyk görnüşlerini çykarmak üçin mümkinçilikleriň döredilendigine üns berildi. Täze görnüşli ýüplükler uly adamlaryň lybaslaryny, ýokary hilli örme önümleriň, ýorgan-düşek örtgüleriniň we jorap önümleriniň önümçiliginde ulanylýar.
Bu ýerde Şweýsariýanyň meşhur “Rieter” kompaniýasynyň ýokary öndürijilikli tüýdüji-sazlaýjy we arassalaýjy enjamlar toplumy ornaşdyryldy. Täze tehnikalar ýüplükleriň ýokary hilini we berkligini üpjün edýär. Mundan başga-da bu kysymdaky enjamlar sanly ulgam arkaly işläp, ýitginiň az bolmagyny, energiýanyň tygşytlanylmagyny we şol bir wagtyň özünde önümleriň ýokary hilli bolmagyny şertlendirýär.
Dokma toplumynyň egirme fabriginde bir ýylda 5 müň tonna inçe süýümli pagta gaýtadan işlenip, “kompakt-penýe” görnüşli ýokary hilli ýüplükleriň 3 müň 650 tonnasyny, şeýle hem garyşyk ýüplükleri öndürmek mümkinçiligi döredildi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň dokma fabrigine geldi. Bu ýerde taýýar ýüplükler hil barlagyndan geçirilýär, olaryň berkligi, çeýeligi kesgitlenilýär. Toplumda täzeçil tehnologiýa esasynda işleýän innowasion enjamlar oturdyldy. Şolaryň kömegi arkaly süýümleriň, ýüplükleriň häsiýetli aýratynlyklary kesgitlenilýär. Bu ýerde öndürilýän önümler halkara ölçeglere doly laýyk gelýär. Bu bolsa matanyň berkligini, olaryň ekologik taýdan arassalygyny üpjün edýär.
Bu fabrikde Germaniýanyň innowasion tehnologiýaly “Karl maýer” kompaniýasynyň ýüwürdiji we petleýji enjamlary, Belgiýanyň “Piсanol” kompaniýasynyň kämil enjamlary oturdyldy, şeýlelikde, bu ýerde ýylda 12 million inedördül metr möçberdäki ýokary hilli mata öndürmek mümkinçiligi bar. Bu ýerde öndürilýän matalar reňk aýratynlyklary, çeýeligi, ýakymlylygy, iň esasy bolsa ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Toplumyň önümleriniň ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmegi ýurdumyzyň dokma senagaty kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynda häzirki zamanyň talaplarynyň berjaý edilýändigini görkezýär.
Soňra döwlet Baştutany toplumyň boýag fabrigine geldi. Bu ýerde taýýar matalary boýamak üçin niýetlenen kämil enjamlar degişli tertipde oturdylypdyr. Fabrikde işleýän hünärmen önümçiligiň tehnologiýa ýagdaýy barada gürrüň berdi. Bu ýerde matalar öz görnüşine görä, dürli taýýarlyk işlerinden geçirilip, halkara ölçeglere kybap gelýän görnüşde boýalýar.
Fabrikde ornaşdyrylan enjamlar boýag işleriniň ýokary hilli bolmagyny we Gün şöhlesine durumlylygyny üpjün edýär. Matalaryň hil derejesi olaryň uzak möhletleýin ulanylmagyny, şol bir wagtyň özünde bolsa adam üçin ýakymlylygyny şertlendirýär. Bu ýerde dürli görnüşli ýörite enjamlarda mata önümçiliginiň häzirki zaman ulgamy hereket edýär. Şolaryň hatarynda Germaniýanyň “Monforts” we “Jagenberg”, Türkiýäniň “Eliar” ýokary öndürijilikli boýag enjamlary önümçilik we hil babatda häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Şolaryň kömegi arkaly himiki we boýag serişdeleri zerur mukdarda awtomatik usulda alynýar, dürli boýaglar taýýarlanylýar.
Türkmen Lideri toplumda işleýän hünärmenleriň aglaba böleginiň gyz-gelinlerdigini nazarda tutup, bu ýerde zenanlaryň ilkinji guramasynyň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny, onuň gelin-gyzlaryň iş we dynç alyş şertleri, medeni çäreleri guramak bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamalydygyny belledi.
Boýag bölüminde taýýar matalar kesgitlenen möçberde toplanylýar we tikin bölümine ugradylýar. Türkmen Lideri matalaryň toplanylyşy, möçberleri bilen gyzyklanyp, taýýar önümleriň häzirki zamanyň ýokary hil tejribesine laýyk gelmeginiň möhüm talapdygyna ünsi çekdi.
Soňra döwlet Baştutany toplumyň tikinçilik fabrigine geldi we bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary, taýýarlanylan lybaslaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Fabrikde Ýaponiýanyň “Juki”, Germaniýanyň “Veit”, Türkiýäniň “Astron”, “Özbilim” ýaly, dünýä belli kompaniýalarynyň enjamlaryndan ybarat bolan önümçilik toplumy ornaşdyryldy.
Tikin fabriginiň işiniň düzümine lybaslaryň görnüşlerini taýýarlamak hem-de reňk aýratynlyklaryny kesgitlemek we bezeg işleri ýaly ugurlar girýär. Şunda zehinli zenanlaryň döreden milli lybas taýýarlamak däplerine möhüm orun berilýär. Bu ýerde oturdylan enjamlar işi sanly ulgam arkaly alyp barmaga, matalaryň ölçegini, biçüwini we artyk galýan bölekleriniň möçberlerini kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Şeýle hem bu ýerde lybaslar üçin harçlanýan matanyň, sapaklaryň möçberleri, gaplamak we gaplaryň görnüşleri bilen baglanyşykly maglumatlar jemlenilýär. Synag önümhanasynda abzallaryň we enjamlaryň görnüşleri boýunça sarp edilýän sapaklaryň, şeýle hem önümleri öndürmek üçin zerur bolan wagtyň möçberi hasaplanylýar. Fabrikde ornaşdyrylan köpugurly we ýöriteleşdirilen enjamlar tehnologik yzygiderlilik arkaly lybaslaryň aýratyn böleklerini, ýakalaryny, ýeňlerini taýýarlaýarlar we olar awtomatlaşdyrylan enjamlar bilen birleşdirilýär. Soňra taýýar lybaslar ýörite hil barlagyndan geçirilip, söwda bölümlerine ugradylmak üçin gaplara salynýar.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ýurdumyzyň dokma senagatynyň kärhanalarynda öndürilýän çagalar we ýetginjekler üçin taýýarlanylýan lybaslaryň görkezilişini synlady. Bu ýerde ulular we çagalar üçin niýetlenen gelşikli, ykjam we ýokary hilli lybaslaryň biçüwinde hem-de bezeginde milli ýörelgeler bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyryldy.