Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelge esasynda durmuşa geçirilýän syýasatyň netijesinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikleri gazanandygymyz, döwletimiziň dünýädäki abraýynyň belent derejelere çykandygy «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 11-nji fewralynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde giňişleýin beýan edildi. Şonda Gahryman Arkadagymyz ymgyr manyly çykyş edip, Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratyn-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe edilen işler, ýetilen sepgitler barada giňişleýin beýan etmek bilen, mundan beýläk Garaşsyzlyk ýyllarynda başy başlanan tutumly işleri durmuşa geçirmäge ýaşlary giňden çekmegiň maksadalaýykdygy baradaky başlangyjy öňe sürdi hem-de ýurdumyzda geljekde durmuşa geçirmeli işleriniň nobatdaky 30 ýyla niýetlenen strategik resminamany — «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasyny» tassyklamak bardaky taryhy Karara gol çekdi.
Halk Maslahatynyň ýokarda ady agzalan mejlisinde 2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmek bellenildi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň düzgünlerine, saýlawlary geçirmegiň halkara kadalaryna laýyklykda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde Prezident saýlawlaryna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy. Mundan öňki Prezident saýlawlarynda bolşy ýaly, 12-nji martda geçirilen saýlawlar hem demokratik ýörelgeler esasynda aç-açanlyk, aýanlyk ýagdaýynda geçirildi. Ýurdumyzda hereket edýän syýasy partiýalardan, jemgyýetçilik birleşiklerinden milli synçylar hökmünde bellige alnan wekilleriň 2620-siniň, şeýle-de türkmen tarapynyň çakylygy boýunça ýurdumyza GDA-dan Synçylaryň wekilliginiň, Türki Döwletleriň Guramasyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, goňşy ýurtlardan synçylaryň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saýlawlar güni ses berlişigiň barşyna seljermäni amala aşyrandyklary munuň aýdyň subutnamasydyr.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary aç-açanlykda, aýanlykda, demokratik ýörelgeler esasynda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň düzgünlerine laýyklykda, saýlawlary geçirmegiň halkara kadalaryna esaslanmak bilen, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bu saýlawlara ýurdumyzyň raýatlarynyň işjeň gatnaşmaklary halkymyzyň syýasy düşünjeliliginiň iňňän ýokarydygynyň subutnamasy boldy. Täze taryhy eýýamda zähmetsöýer halkymyz «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» bu gezekki Prezident saýlawlarynda üstünlik gazanyp, ýakyn günlerde, has takygy, şu ýylyň 19-njy martynda döwlet Baştutany wezipesine girişjek Türkmenistanyň täze Prezidentiniň – Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirer.
Yslam Tyllanurow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener Mehanika fakultetiniň uly mugallymy

RU












