Germaniýanyň Orenbah şäheriniň golaýyndaky awtobus duralgasyndaky zibil
atylýan gutyň içinden XVII asyra degişli iki surat tapyldy. Bu barada The Guardian
habar berýär.
Şeýle üýtgeşik tapyndy barada 64 ýaşly ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi. Şondan
soň polisiýa işgärleri köpçülige ýetirdiler.
Sungat öwrenijilerine, baha bermek üçin berilen bu suratyň, ýag bilen boýalan
iki eser hem- asyl nusga diýen netijä geldiler. Deslapky maglumatlara görä,
oglanjygyň portretini şekillendirýän eserleriň biri, Gollandiýaly suratkeş Samuel
van Hogstratenyň şägirdi Rembrandtyň işi bolup biler.
Ikinji artefakt, ähtimallyk bilen wenesiýaly suratkeş Pietro Bellottina
degişlidir. Tapylan suratlaryň gymmatlylygy anyklanandan soň, olaryň gelejegi
belli bolar.