Geçen gün Wirjiniýa ştatynyň (ABŞ) ýaşaýjysy Ralf Dorn öýde dynç alýan
wagtlarynda, Garli atly Goldendul tohumly itini ýitirdi.Ol itini öz töwereklerinde
gözlemegi ýüregine düwdi- ahyrynda ýakyn bir kölde tanyş sudur gördi.
Görnüşe görä, onuň iti kölüň ortasynda gark bolyp barýan kiçijik suguny
halas etmek üçin ýüzýärdi. Bagtymyza,ol kiçijik suguny tutup, sag-salamat kenara
getirmegi başardy. Şol pursatdan başlap, olaryň dostlugy başlandy!
Dornyň sözlerine görä, birnäçe günden soň itiň, özüni üýtgeşik alyp barmagy
onuň ünsüni çekipdir. "Men gapyny açdym we biz kiçijik sugunyň mälemesini
eşitdik.Harli ylgap bardy we agaçlaryň arasyndan ony tapdy -diýip,Dorn
ýatlaýardy.-Çaga sugun mälemesini goýdy we şol pursatda olar guýruklaryny
bulaýlap,burunlary bilen bir-birini ysgaşyp başladylar. Şondan soň Harli
arkaýynlykda, meniň bilen öýe gaýdyp geldi. "-diýip sözlerini jemleýär.
It kynçylyga düşen keýigi halas etmek üçin eýesinden gaçdy

RU












