Iteşen, konýuktiwit we başga-da dürli keselleriň ýiti döwründäki näsaglara
Sputnik V sanjymyny edip bolmaýar diýip, Gamaleýa epidemiologiýa we
mikrobiologiýa gözleg merkeziniň müdiri Aleksandr Ginsburg aýtdy.
Onuň sözlerine görä, islendik ýiti ýagdaý sanjym üçin tersdir."Ýürek keseli
şikesli näsaglara ilki bilen sanjym edilmeli, sebäbi,olara kesel ýokaşan halatynda
ilkinji töwekgelçilik toparyndadyrlar: süýji keselliler, ýürek keselli näsaglar"-diýip
Ginsburg mälim etdi.
Bronhial demgysma we gepatit C sanjymdan ýüz öwürmek üçin esas
däldigini düşündirdi. Şeýle hem himiýa bejergisini almaýan,ankalogiýa keseliniň
remissiýa döwründäki adamlara sanjym almak bolar.
Aleksandr Gintsburg ozal Sputnik V koronawirus sanjymynyň edilmegi
geljekde önelgesizlige howp salmaýandygyny aýdypdy