Android-da ýitirilen akylly enjamlary yzarlap hem-de tapyp boljak
mümkinçiligi dörediler. Bu aýratynlygy Xda-developers forumynyň höwesjeňleri
tapdy.
Google Play Services -iň iň soňky beta wersiýasynda başga adamlaryň
enjamlarynyň we gadžetleriniň ýerleşýän ýerini kesgitlemek üçin rugsady barada
agzalandygy ýüze çykaryldy. Bu aýratynlygy işletmek ýa-da işletmezlik barada
ulanyjylaryň özi karar berýär.
Belki-de Google, Google Play hyzmatlarynda her bir Android enjamyny
Internet birikmesiz ýitirilen ýa-da ogurlanan enjamlary tapmak üçin ulanar.Şuňa
meňzeş "Meni tap" opsiýa birnäçe ýyl bäri Apple -iň iOS- programmasynda
ulanylýar.
Android operasion ulgamynda ýitirilen smartfonlary gözlemek
funksiýasynyň takyk başlanjak wagty entek belli däl.

Türkmenistanyn Magtymguly adyndaky

Türkmen döwlet uniwersitetinin

Fizika fakultetinin talyby: Babajanow Rustam