Kanadaly aktýor Keanu Riwz Associated Press (AP) habar gullugyna
“Matrix 4” ylymly- fantastiki filmiň surata düşürilişi barada gürrüň berdi.
Ol ýaz aýlarynda koronawirus pandemiýasy sebäpli kino düşürilişiniň
wagtlaýyn togtadylandan soň hakykatdan hem franşizanyň dördünji bölüminiň
gaýtadan düşürilip başlanandygyny tassyklady. Häzirki wagtda kino düşürilişi
Berlinde bolup geçýär.
Ilkibaşda “Matrix 4” filmi 2021-nji ýylyň maý aýynda çykarylmalydy.Indi
bolsa pandemiýa sebäpli, premýera 2022-nji ýylyň aprel aýyna meýilleşdirilýär.
Filmde Riwzden başga-da:" Akwamen" filminde Gara Manta roly bilen
tanalýan Ýahýa Abdul-Matin ll ,Kerri-En Moss, Jada Pinkett-Smit, Neil Patrik
Harris, Jonatan Groff we başgalar surata düşüriler.