Daşary ýurtda dynç alýan wagtyňyzda,tagamlaryň düzümine we olaryň
taýýarlanýan ýerine üns bermelisiňiz diýip, Moskwanyň Saglygy goraýyş
müdirliginiň ulular üçin başlangyç saglygy goraýyş boýunça baş hünärmen Andrei
Týazelnikow RIA Nowosti gürrüň berdi.
"Başga bir ýurtda özüňiz üçin adaty bolmadyk tagamlary dadyp görmek üçin
tagamyň taýýarlanan yeri sizede hiç hili şübhe döretmeli däldir.Mundan başga-da,
naharlaryň düzümi bilen gyzyklanmalysyňyz. Olarda allergiýa sebäp bolýan
goşundylar bolup biler ýa-da umuman alanyňda, şübhe döredýän hemme zatdan
saklanmak has gowudyr. Öýden uzaklaşylan wagtymyzda, saglyk bilen
baglanyşykly islendik ýagdaý ýakymsyz we käwagt howply bolup biler"-diýip
Týaželnikow aýtdy.
Lukman daşary ýurtda dynç alyş wagtyndaky howply ýalňyşlyk barada duýdurdy
