Amerikaly aktrisa Riz Uizerspun “Ýabany” filminiň surata düşürilişinde
gipnoz ulanandygyny boýun aldy. Bu barada News.ru habar berýär.
Uizerspun, Interview Magazine žurnalynda beren interwýusynda bu işi
karýerasyndaky iň kyn iş diýip atlandyrdy. Ol film düşürilişine taýýarlyk gören
wagtynda gaty aladalanandygyny gürrüň berdi. Işdeşleriniň ýoklugy hem ýagdaýy
hasam agyrlaşdyrdy: 25 günüň dowamynda ol wideo kamera we sumka bilen
birlikde ýekelikde surata düşmeli boldy. Käbir pursatlarda aktrisa howsala
düşýärdi we aladalaryny ýeňip geçmek üçin gipnologa ýüz tutmaly boldy.
"Ýabany" filmi ýazyjy Şeril Streýdyň romany esasynda, ejesiniň ölüminiň
hasratyny geçirmek üçin ýekelikde ýörişe çykan aýal baradadyr. Uizerspunyň
pikiriçe,bu film aýallaryň öz durmuşyndaky meselelerini çözmegi barada. Şeýle
hem aktrisa proýektiň özüne uly täsir edendigini belläp geçdi: ony baş gahrymanyň
geçen ýoly we ahyrynda näme gelendigi haýran galdyrdy.
Riz Uizerspun filmdäki rol üçin gipnoz edildi
