Kiodo habar beriş çeşmelerine salgylanyp, Tokioda geçiriljek tomusky
Olimpiýa oýunlaryny gurnaýjylaryň, oýunlaryň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar we
tomaşaçylar bilen birlikde, jemi sanyny 20 müňe ýetirmegi göz öňünde
tutýandygyny habar berdi.
Tokiodaky Olimpiýa oýunlary koronawirus sebäpli bir ýyl yza süýşürildi we
23-nji iýuldan 8-nji awgust aralygynda geçiriler.Ol Sport oýunlarynyň sany
boýunça iň ulusy bolmaly – 33 we kategoriýa – 339. Takmynan 10-15 müň türgeniň
gatnaşmagyna garaşylýar. Türgenleriň ýany bilen gelýän adamlaryň we
wekiliýetleriň sany takmynan 78 müň adam bolar. Olimpiýa oýunlarynyň daşary
ýurt janköýerleri bolmazdan geçirilmegi karar edildi. Ýaponiýaly tomaşaçylary
baradaky karar bolsa iýun aýynda garaşylýar. Meýletinçiler bilen birlikde
Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlary 300 müň adam (Olimpiýa oýunlarynda 190
müň we Paralimpiýa oýunlarynda 110 müň) işläp başlar.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Tokio Olimpiýa oýunlarynyň açylyşynda tomaşaçylaryň sany artdyrylyp bilner
Tokio Olimpiýa oýunlarynyň açylyşynda tomaşaçylaryň sany artdyrylyp bilner
