Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy AMOLED ekrany we uly
batareýasy bilen tapawutlanýan M32 arzan modeliniň çykarylandygyny resmi
taýdan yglan etdi.
Smartfon MediaTek Helio G80 platformasyny we kadr durulygy 90 Hz
bolan, Full HD+ durulykda 6,4 dýuýmlyk Super AMOLED ekrany aldy. Samsung
Galaxy M32, Android 11-de adaty One UI 3.1 bilen işleýär.
Esasy kamera bölümi dört datçikden ybarat, onuň esasy bölegi 64 megapiksel
durulykda. Smartfon ýat kartalary üçin ýer, Wi-Fi 802.11ac, Bluetooth 5.0porty,
USB-C we ses jek aldy. Smartfonyň batareýasynyň kuwwaty 25W çalt zarýad
bermekde 6000 mAh – dan ybarat bolup durýar.
Samsung Galaxy M32 satyp başlanjak ilkinji ýurdy Hindistan bolar.
Türkmenistanyn Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetinin
Fizika fakultetinin talyby: Babajanow Rustam