Seýrek we gaty gorkunç tebigy hadysa iýun aýynyň ortalarynda Baýkal
kölündäki Olhon adasynyň golaýynda bir şaýat tarapyndan surata düşürildi.
Wideonyň awtory Ýewgeniý Utkin, şol ýerdäki howanyň çalt üýtgäp
başlandygyny aýtdy. Ilkibaşda ol ýerde gün ýagty şöhle saçýardy, ýöne birnäçe
minutyň içinde asman bulutlar bilen örtüldi we köl tarapdan, kenaryň üstüne
tupanly ýyldyrym we toparlaýyn bulutlar togarlanyp başlady.
Bulutlaryň bu görnüşi, toprak ýagyşly bulutlaryň dürli görnüşliligi bolup
durýar we atmosfera frontlarynyň çatrygynda, tupanyň öň tarapynda emele gelýär.
Dogrysyny aýtsak, gorkunç görnüşlerine garamazdan, şular ýaly bulutlar adatça
çynlakaý howp döretmeýär.