Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Milli geografiki jemgyýeti, Antarktidanyň
kenarlaryny ýuwup geçýän , bäşinji ummanyň – Günorta ummanynyň resmi taýdan
ykrar edilendigini habar berdi. Bu karar alymlaryň köp ýyllap eden tagallalarynyň
netijesidir. Şeýlelik bilen, XXI asyrda – geografiki açyşlaryň döwri eýýäm
geçmişde bolsa-da – dünýäniň kartasy üýtgedi.
Täze ummanyň meýdany 20,3 million inedördül kilometre barabardyr: bu
ABŞ-nyň takmynan iki sebiti.Ol Demirgazyk buzly ummandan has uludyr we
Ýuwaş ummandan, Atlantika we Hindi ummanyndan soň dünýäde dördünji orunda
durýar. Onuň orta çuňlugy 3270 metr, iň aşaky nokady bolsa 8264 metr, Günorta
Sandwiç çukurynda.
Dünýä kartasynda täze umman peýda boldy
