Awstraliýaly alymlar 15 ýylyň dowamynda geçirilen gazuw-agtaryş we
gözleg işlerinden soň, dünýädäki iň uly dinozawrlaryň biri bolan titanozawrlaryň
maşgalasyna degişli, täze görnüşli,dünýädäki iň uly dinozawrlaryň birini
kesgitlediler.
Awstraliýaly äpedi ilkinji gezek 2006-njy ýylda Kwinslendiň günorta-
günbataryndaky Eromanga şäheriniň golaýyndaky Stýuart we Robin Makenziniň
fermasynda tapdylar.
Alymlar skeleti, gazyp almak hem öwrenmek boýunça ägirt uly işleri etdiler
we ahyrynda, tapylan ägirdiň haýsy topara degişlidigini bilmegi başardylar.
Ösümlikler bilen iýmitlenýän dinozawryň beýikligi 6,5 metr we uzynlygy 30 metr
töweregi bolandygy habar berildi. Ol Awstraliýada şu wagta çenli ýaşap geçen iň
uly haýwan diýip hasaplanýar.