Awtodromyň web sahypasynyň habaryna görä, Beýik Britaniýanyň"Formula-
1" Gran-pri çempionaty "Silwerstoun" trassasynda, koronawirus çäklendirmeleri
bolmazdan geçiriler. Sky Sports -yň twitterdäki habaryna görä,bu bolsa, Beýik
Britaniýanyň Gran-pri çempionatyna 140 müňden gowrak adamyň gatnaşyp
biljekdigini aňladýar.
Northemptonşiriň saglygy goraýyş guramasy bilen birlikde Gran-pri
gurnaýjylary,trassanyň ýerleşýän ýerinide tomaşaçylaryň ýaryşa howpsyz gatnaşyp
bilmegi üçin dürli şertleri döredýärler
Beýik Britaniýadaky tapgyr 16-18-nji iýulda geçiriler.