Ýeňil atletika web sahypasynyň habaryna görä, Hytaýda geçiriljek göwher
ligasynyň iki tapgyry hem ýatyryldy.
Birinji tapgyr 14-nji awgustda, ikinjisi bolsa 22-nji awgustda geçirilmeli
diýip meýilleşdirilýärdi. Häzirki wagtda Hytaýa gelmek üçin ulanylýan berk
karantin talaplary, şeýle hem bäsleşigi beýleki senelere yza süýşürip bolmaýanlygy
sebäpli iki tapgyry hem ýatyrmak kararyna gelindi.
Hytaý tapgyrlary üçin meýilleşdirilen birnäçe ders boýunça ýaryşlaryň
Göwher ligasy senenamasynyň beýleki tapgyrlarynyň çäklerinde geçiriljekdigi
bellendi.