Xiaomi Mi MIX 4 smartfony dünýäde ilkinji bolup,entek tassyklanmadyk
Snapdragon 888 Pro prosessoryny alar. Bu barada Gizmochina portaly habar
berýär.
Hytaý öndürijisi birnäçe ýyl ozal täzelenmegi bes eden, Mi MIX smartfonlar
seriýasyny janlandyrar. Içerki taraplaryň pikirine görä, smartfon aşaky ekran
frontal kamerasyny alyp biler. Mundan başga-da çeýe displeýli wersiýa barada
hem habar berilýär.
Tehniki aýratynlyklar häzirki zaman smartfonlarynyň standartlary boýunça iň
ýokary bolar: 2K durulykly we ýokary gersli ekran, 120 Wt-ly tiz zarýad bermek,
ösen kamera moduly. Mi MIX 4, Qualcomm – Snapdragon 888 Pro-dan täze çip
alar.
Smartfon täze MIUI 13 grafiki gabykly ilkinji Xiaomi bolup biler.
Smartfonyň tanyşdyrylyşy 2021-nji ýylyň güýzünde garaşylýar.

Türkmenistanyn Magtymguly adyndaky

Türkmen döwlet uniwersitetinin

Fizika fakultetinin talyby: Babajanow Rustam