Amerikanyň Miçigan ştatyndaky kitaphanada, 1940-njy ýyllarda okamak
üçin alnan kitap poçta bilen yzyna kabul edildi.
Social Studies in the Public Schools of Ann Arbor neşiriniň nusgasyny,bir
wagtlar Ann Arbor şäherinde ýaşaýan surat mugallymy Meri Rouland Fişer
alypdyr, ýöne şu wagta çenli kitaphana gaýdyp bermändir. 1966-njy ýylda ol aýal
pensiýa çykýar we ondan bir ýyl soň aradan çyýar.
Ýaňy-ýakynda Meriniň, Medjill atly gelni merhum gaýynynyň öýüni
tertipleşdirýän wagty kitaby tapdy. Ol kitaby, kitaphana poçtanyň üsti bilen iberdi
we onuň ýanynda şeýle sözler ýazylan hat bardy: “Gijä galsa-da, bu kitaby kabul
ediň. Görnüşe görä Meri Rouland kitaby yzyna gaýdyp berilmeli senesini ýatdan
çykardy. Ol yerli mugallymdy we şol döwürler maşgala gurmaga taýynlanýardy.
Meriniň1967-nji ýylda aradan çykandygy sebäpli, belki-de siz jerime töledip
bilmersiňiz? " – diýip, Medjill hatda ýazdy.
Kitaphananyň işgärleri kitap üçin Madjille minnetdarlyk bildirdiler we
jerime töletmejekdiklerine ynandyrdylar.
ABŞ-da bir kitap 70 ýyldan soň kitaphana gaýtaryp berildi
