Müsüriň hökümeti aşa yssy howa boljakdygy barada duýduryş berýär,
Hurgadada howanyň gündizki temperaturasy kölegede 38 gradus, Şarm-eş-Şeýhde
bolsa 40-a ýetýär diýip,TourDom.ru habar berýär.
Myhmanhanalarda, dynç alýan syýahatçylara gün şöhlesinde uzak wagtlap
gezmegiň howplydygyny ýatladýarlar. Müsüriň köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň maglumatlaryna görä, hassahanalar gün uran hassalary kabul etmäge
taýýar edildi we mundan başga-da "ysgynsyzlyk ýa-da gyzgynlyk stres" alamatlary
bolan hassalara hökman ilkinji zerur bolan lukmançylyk kömegi berilmelidir.
Şeýle-de bolsa, aşa yssy howa şertlerine garamazdan, myhmanlar ähli
ýerlere, şol sanda Lýuksora hem gezelençlerini dowam etdirýärler. Şular ýaly
wagtlarda gämi gezelençlerine uly islegler bildirilýär.
Häzirki wagtda Müsüre, dürli ýurtlardan syýahatçylyk toparlary gelýärler.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Müsürde jahankeşdelere aşa yssy howanyň boljakdygy barada duýduryş berildi
Müsürde jahankeşdelere aşa yssy howanyň boljakdygy barada duýduryş berildi
