Xiaomi kompaniýasy, akylly bellik Apple AirTag-a meňzeş akylly belligiň
öz wersiýalaryny işläp düzmek we ösdürmegiň üstünde işleýärler Bu ösüş barada
Gizmocina tarapyndan habar berilýär.
Xiaomi, ulanyjynyň ýitiren zatlaryny tapmak üçin ulanyp boljak enjam we
usul üçin patent aldy.Bu ýerde, ýanyň bilen dakylyp gezilýän gadjet, ýagny akylly
yzarlaýjy hakda aýdylýar. Belligiň çykjak wagty barada entek habar berilmeýär.
2021-nji ýylyň ýazynda dörän akylly yzarlaýjylara bolan höwesi, şu ýylyň
ýazynda AirTag akylly belligini çykaran Apple kompaniýasy sebäp boldy. Ol
hususy “Lokator” programmasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp,
smartfonyňyza gönüden-göni birikmän ýitirilen zatlary yzarlamaga mümkinçilik
berýär.

Türkmenistanyn Magtymguly adyndaky

Türkmen döwlet uniwersitetinin

Fizika fakultetinin talyby: Babajanow Rustam