ABŞ-da ýaşaýan oňurgasyz balyklaryň önümçiligi bilen meşgullanýan uly
bolmadyk fermerleriň maşgalasy, "gowrulan" deňiz önümlerinden dolan kenaryň,
suratlary bilen sosial ulgamlarda paýlaşdylar.
Suratlaryň düşürilen ýeri bolan,Waşington ştatyna adatdan daşary yssy howa
geldi. Balykgulaklar tolkun bilen kenara çykdylar we olar gün şöhlesiniň ýakyp
barýan çägäniň üstünde,şemalsyz howada" bişdi" diýen ýaly. Adaty howa
şertlerinde balykgulaklar deňiz joşmagyna, bitin we şikes ýetmedik şekilde
garaşyp, yzyna deňize gidip bilerdiler.
ABŞ-nyň we Kanadanyň demirgazyk-günbatar kenarlary häzirki adatdan
daşary yssy howa şertlerinden ejir çekýärler. Bu ýerde birnäçe temperatura
rekortlaryb goýuldy,ýerli ýaşaýjylar gowrulan ýumurtgny açyk “howada”
bişirýärler.
ABŞ-da ýerleşýän bir kenar «gowrulan» balykgulaklardan doldy
