Baharyň gelmegi bilen fitoplanktonlar has köp Gün şöhlesini we ýokumly
maddalary alyp başlady, bu bolsa Atlantiki ummanyň Demirgazyk ýarym şardaky
bölegine täsir etdi.
Aqua ylmy-barlag hemrasy, bu kiçijik organizmleriň ABŞ-nyň Delmarwa
ýarym adasyndan Täze Şotlandiýa çenli suwuň güllemegine sebäp bolandygyny
görkezdi.
Ol suratlarda, suwda gögümtil-mawy we ýaşyl öwüşginleriň towalanyp
aýlanyşy aýdyň görünýär. Fitoplankton fotosintezlenip, kömürturşy gazyny, gün
şöhlesini we ýokumly maddalary birnäçe ummanda ýaşaýanlar üçin, kisloroda
hem-de “iýmite” öwürýänligi sebäpli bu zonalar hlorofillere baýdyr.