Instagram sosial ulgamy, wideo ugrunyň ösmegi üçin fotosuratlaryň
artykmaçlygydan ýüz öwürer, diýip kompaniýanyň başlygy Adam Mosseri aýan
etdi.
Bu ulgamda has köp wideo mazmuny bolar – şeýlelik bilen, sosial ulgamda
giň formatly wideo peýda bolar. Adaty kwadrat suratlaryň sany bolsa azalar,
Instagram algoritmleri wideolara köp üns berer.
Mundan başga-da, indi ulanyjylar öz lentalarynda, mahabatdan başga, öň
ýazylmadyk akauntlaryň mazmunlaryny görüp bilerler.Häzirki wagtda, teklipler
aýratyn goşmaça goýulan sahypada ýerleşýärler.
Instagramdaky täzeden girizilen kadalar kem-kemden peýda bolup başlarlar –
sosial ulgam öňümizdäki birnäçe aýyň içinde synaglara başlar. Mosseri,
üýtgeşmeleriň ulgamy has gowylaşdyrjakdygyna, TikTok we YouTube bilen
netijeli bäsleşmage kömek etjekdigine ynanýar.
Instagram üýtgetdiler we täze TikTok-a öwrüler
