Bakunyň Haýdar Aliýew merkezinde Azerbaýjanyň "Expo 2020 Dubai" bütindünýä
sergisindäki pawilýonynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Trend-iň habar bermegine görä, bu
barada "Expo 2020 Dubai-daky" azerbaýjan pawilýonynyň komissarynyň orunbasary
Narmin Jarçalowa aýtdy.
Ol Haýdar Aliýew merkezi tarapyndan gurnalan Azerbaýjanyň pawilýonynyň Birleşen Arap
Emirliklerinde geçiriljek "Expo 2020 Dubai" bütindünýä sergisinde hödürlenjekdigini belledi.
“Sergi 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 2022-nji ýylyň 3-nji martyna çenli dowam eder. Şu
gün Haýdar Aliýew merkezinde "Expo 2020 Dubai-daky" azerbaýjan pawilýony görkezildi.
Biziň ýurdumyzyň halkara sergilerine gatnaşmak tejribesini, şeýle-de soňky ýyllarda
Milandaky Expo-da milli pawilýonymyza üstünlikli wekilçilik edilmegini göz öňünde tutup,
biziň geljekki pawilýonymyzyň hem myhmanlarda uly gyzyklanma döretmegine garaşýarys”
– diýip, Jarçalowa aýtdy.
Onuň aýtmagyna görä, "Expo 2020 Dubai" sergisinde Azerbaýjanyň pawilýonynyň
mowzugy – “Geljegiň tohumlary”.
“Bu mowzuk dünýäniň we biziň ýaşaýan daşky gurşawymyzyň durnukly ösüşiniň ýeke-täk
ýolunyň geljege maýa goýmakdygyny görkezýär. Pawilýonyň konsepsiýasy özgertmeleriň
subýekti we obýekti, inisiator we esasy hereket ediji güýç bolan adam kapitalyny
şöhlelendirýär we ol “Pikirleri birleşdireris, iň gowy geljegi gurarys” mowzugy bilen berk
baglanyşyklydyr. Özüniň şekili boýunça agajy we onuň şahalaryny ýada salýan üç gatly
pawilýonymyzyň konsepsiýasy diňe adamzat kapitalynyň ösüşi bilen durnukly geljege ýetip
bolýandygyny tassyklaýar” – diýip, Jarçalowa belledi.