Rus söweşijisi Fýodor Ýemelýanenko indiki söweşini 23-nji oktýabrda Moskwada Bellator
turnirinde geçirer. Bu barada TASS agentligine gurama habar berdi.
“23-nji oktýabrda Fýodor Ýemelýanenko Moskwada geçiriljek ilkinji Bellator ýaryşynyň
esasy söweşinde çykyş eder. Çäre “WTB-Arena-da” geçiriler. Fýodor Ýemelýanenkonyň
garşydaşy, goşmaça söweşler we beýleki maglumatlar ýakyn wagtda mälim ediler” – diýlip,
habarda aýdylýar.
“Maňa Fýodor bilen 12 ýyldan gowrak wagt işleşmek bagty nesip etdi we men bu döwürde
onuň Bellator we Strikeforce-de dokuz söweşini gördüm. Meniň üçin Fýodoryň watanynda
söweş guramak hormatdyr. Şeýle-de, biz 23-nji oktýabrda Russiýada geçiriljek ilkinji
Bellator wakasynyň hakykatdanam taryhy bolmagy üçin rus söweşijileriniň giňişleýin
sanawyny hödürlemegi meýilleşdirýäris” – diýip, Bellator-yň prezidenti Skott Koker belledi.
Ýatlap geçsek, Fýodor Ýemelýanenko oktagona 2019-njy ýylyň dekabryndan bäri
çykanokdy. Şonda ol UFC-niň eks-söweşijisi Kuinton Jeksony nokauta gidirdi. Bu söweş
Ýaponiýada geçirildi. 44 ýaşly Ýemelýanenkonyň hasabynda 39 ýeňiş bilen alty ýeňliş bar.
Bir söweş hem geçirilmedik diýlip hasap edildi.
Fýodor Ýemelýanenko 23-nji oktýabrda Moskwada söweşer
