Xiaomi kompaniýanyň 3904 işgärine baýrak hökmünde 70,232 mln paýnama berendigi
baradaky habary neşir etdi diýip, ctnews.ru belleýär. Xiaomi möhüm wezipeleri eýeleýän
görnükli inženerleri, täze we tejribeli işgärleri ýyllyk baýrak bilen sylaglady, olaryň ählisi
kompaniýanyň ösüşine gatnaşandyklary üçin degişli baýragy aldylar.
Xiaomi-niň paýnama bahasy, takmynan, 26 Gonkong dollaryna ýa-da 3,37 dollara barabar.
Şeýlelik bilen, Xiaomi işgärlere, umumy alanyňda, baýrak hökmünde paýnamalarda 1,84
mlrd Gonkong dollary paýlady, bu, takmynan, 240 mln dollara deňdir. Ortaça bir işgäre,
takmynan, 470 müň Gonkong dollaryndan (60 523 dollar) düşýär.
Xiaomi ýokarda agzalan işgärleriň arasynda 700-e golaý görnükli ýaş inženeriň Xiaomi-niň
“Ýaş inženerleri höweslendiriş maksatnamasyna” gatnaşmak üçin saýlanandygyny belledi.
Olaryň hersi 77,2 müň dollar aldy.
Ýaş inženerleri höweslendiriş meýilnamasyna Xiaomi Group-yň esaslandyryjysy, başlygy
we baş müdiri Leý Szýun ýolbaşçylyk edýär. Kompaniýa höweslendiriş meýilnamasynyň
tutuş kompaniýada durmuşa geçiriljekdigini belledi. Bu kompaniýanyň ähli ýaş inženerleri
üçin zehinleri höweslendirmegiň uzak möhletli taslamasy bolar.

Türkmenistanyn Magtymguly adyndaky

Türkmen döwlet uniwersitetinin

Fizika fakultetinin talyby: Babajanow Rustam