Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn
ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny
mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti
Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen-ýapon ykdysady
komitetiniň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

***

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn
gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti
Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-
hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen
böleginiň ýolbaşçylary bellenildi.

***

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gazanylan
ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara
gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň
Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk
boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümi
tassyklanyldy.

***

Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady,
ylmy-tehniki we medeni gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen,
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda,
Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara
türkmen-gazak toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

***

Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti
Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça
hökümetara türkmen-belarus toparynyň türkmen böleginiň düzümi
tassyklanyldy.