Facebook amerikan kompaniýasynyň bazar kapitallaşdyrmasy duşenbe güni
Nýu-Ýorkdaky söwdanyň dowamynda 1 trln dollardan geçdi. Muny Nasdaq
elektron biržasynyň maglumatlary delillendirýär diýip, TASS habar berýär.
Duşenbe güni kompaniýanyň paýnamalary birden ösdi. Olaryň bahasy 15,92
dollar (4,66%) ýokarlandy we häzirem ýokarlanmagyny dowam etdirýär. Netijede,
kompaniýanyň bazar kapitallaşdyrmasy 1 trln dollardan geçdi.
IPO-dan bäri Mark Sukerbergiň kompaniýasyna 1 trln dollardan gowrak baha
ýetmek üçin 9 ýyl gerek boldy. Paýnamalaryň bahasynyň birden ýokarlanmagy
soňky günlerde monopoliýa garşy birnäçe kazyýet işlerinde Facebook-yň
ýeňmeginiň netijesidir.
Duşenbe güni, 28-nji iýunda, Nasdaq Composite indeksi ABŞ-nyň IT-
ägirtleriniň ösüşi sebäpli taryhy rekordy goýdy, görkeziji taryhda ilkinji gezek 14
500 punktdan geçdi.
Facebook-yň bazar kapitallaşdyrmasy 1 trln dollardan geçdi
