Gonkongyň häkimiýetleri koronawirus ýokanjyna garşy sanjym depgininiň
ýokarlanandygyny we awgust aýyna çenli şäherde ilatyň ýarysynyň sanjym alyp
biljekdigini belleýärler. Bu barada Azyk we saglygy goraýyş işleri boýunça
sekretar (ministr) Sofiýa Çen aýtdy diýip, TASS habar berýär.
“Immunizasiýa gatnaşyjylaryň gündelik sanynyň soňky görkezijileri bizi
umytlandyrýar. Eger-de biz bu depgini saklasak, awgust ýa-da sentýabr aýynda
sanjym görkezijisini 50%-e ýetirmäge mümkinçilik bar” – diýip, döwlet işgäriniň
sözlerini “South China Morning Post” gazeti getirýär.
Şenbe güni Gonkongda 58,4 müň adama sanjym edildi, bu hem iň ýokary
görkezijileriň biri boldy. Umumy alanyňda, immunizasiýa programmasy başlany
bäri 122 günüň içinde sanjymyň bir dozasyny ýerli ýaşaýjylaryň 31,2%-i, iki
dozany 20,4%-i aldy. Umuman, HHR-iň bu ýörite administratiw sebitiniň 7,5 mln
ilatynyň arasynda 3,5 milliondan gowrak doza paýlandy.
Gonkongyň ýaşaýjylary sanjymy mugt alyp we onuň görnüşini saýlap
bilýärler. Bu maksatlar üçin iki derman serişdesi bar: Germaniýanyň BioNTech
kompaniýasyndan satyn alynýan Comirnaty, şeýle-de Sinovac hytaý
kompaniýasynyň sanjymy.