“Formula-1-iň” britaniýaly sürüjisi Lýuis Hemilton “Mersedes” bilen täze
şertnama baglaşdy diýip, bäsleşigiň resmi saýtynda habar berilýär.
Muny sportrbc.ru ýetirýär. Şertnama iki ýyla niýetlenen. Şol sebäpli, Hemilton
2023-nji ýylyň möwsüminiň ahyryna çenli “Mersedesde” galar.
Bu Hemiltonyň soňky alty aýda “Mersedes” bilen baglaşan ikinji şertnamasy.
Ol fewral aýynda möwsümden öňki synaglar başlamazdan birnäçe hepde öň bir
ýyllyk şertnama baglaşypdy.
“Biziň bu ajaýyp topar bilen 9 ýyla golaý wagt işleşendigimize ynanmak kyn
we men hyzmatdaşlygymyzy ýene iki ýyl dowam etdirjekdigimize begenýärin” –
diýip, 36 ýaşly britan sürüjisi belleýär.
Hemilton “Mersedesde” 2013-nji ýyldan bäri çykyş edýär we ol bu döwürde
alty titula eýe boldy. Häzirlikçe onuň ýoldaşynyň kim boljakdygy belli däl.
Waltteri Bottasyň topar bilen şertnamasy 2021-möwsüminiň ahyrynda
tamamlanýar.
Geçen möwsümde Hemilton “Formula-1-iň” ýedi gezek çempiony bolup,
tituly boýunça nemes Maýkl Şumaher bilen deňleşdi. Ol “Formula-1-de” ilkinji
gezek 2007-nji ýylda “Maklaren” toparynyň düzüminde çykyş etdi we onda alty
möwsümi geçirdi. 2008-nji ýylda bolsa dünýä çempiony boldy. Şeýle-de, Hemilton
tapgyrlardaky ýeňişleri we podiumlary boýunça “Formula-1-iň” rekordçysydyr.
Hemilton Mersedes bilen iki ýyllyk şertnama baglaşdy
