TikTok sosial ulgamy dowamlylygy üç minuda çenli bolan wideolary
hyzmata ýüklemäge rugsat berdi. Bu barada sosial ulgamyň metbugat relizinde
aýdylýar. Öň, sosial ulgam bir minutdan uzak bolmadyk wideo ýazgylaryny
ýerleşdirmäge mümkinçilik berýärdi. Bu barada TASS habar berýär.
“Ýakyn hepdelerde biz has dowamly rolikleri döretmek boýunça funksiýany
işe girizmek bilen, halkara jemgyýetimize dowamlylygy üç minuda çenli bolan
wideony göni TikTok-da surata düşürmek, ýüklemek we redaktirlemek boýunça
hereket erkinligini bereris” – diýlip, beýannamada görkezilýär.
Sosial ulgamyň administrasiýasy öň bu funksiýanyň diňe ulanyjylaryň çäkli
bölegine elýeterli bolandygyny, şonuň üçin hyzmatda has dowamly wideo
epizodlarynyň eýýäm peýda bolandygyny hem belläp geçdi.
TikTok 2012-nji ýylda esaslandyrylan ByteDance hytaý kompaniýasyna
degişlidir.