Bergiler we täze transferler sebäpli, “Barselona” Messi bilen şertnama
baglaşmak üçin kluba 200 mln ýewro möçberde maýa goýumlaryny çekmeli diýip,
“Marca” gazeti habar berýär. Muny sport24.ru ýetirýär.
Şu tomus “Barselona” düzüme dört oýunçynyň: Serhio Agueronyň, Erik
Garsianyň, Emerson Roýalyň we Memfis Depaýyň gelmegini üpjün etmegi
başardy. Bu şertnamalar baglaşylandan soň, katalon klubunda Messi bilen
gaýtadan şertnama baglaşmak üçin serişdeleri toplamak zerurlygy ýüze çykdy.
Gazet “Barselonanyň”, eger Messi ahyrynda galmaga razy bolsa, aýlyk tölegi
hökmünde, takmynan, 200 mln ýewro tapmaly boljakdygyny belleýär. Klub aýlyk
haky örän ýokary bolan oýunçylary aýyrmaly ýa-da oýunçylardan aýlyk hakyny
kemeltmäge razy bolmagy haýyş etmeli bolar.
Messi häzirlikçe klubuň ýolbaşçylygy bilen şertnamanyň möhletini uzaltmak
barada ylalaşmady. 34 ýaşly argentinaly oýunçynyň “Barselona” bilen häzirki
şertnamasy iýun aýynyň ahyryna çenli niýetlenendir.
Geçen möwsümde Messi klub üçin 47 oýna gatnaşdy, olarda 38 gol geçirdi
we 14 netijeli geçirim etdi.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Barselona Messi bilen şertnama üçin oýunçylaryň aýlyk haklaryny 200 mln ýewro azaldar
Barselona Messi bilen şertnama üçin oýunçylaryň aýlyk haklaryny 200 mln ýewro azaldar

RU












