Hindistanyň Reliance konglomeraty Google bilen hyzmatdaşlykda döredilen
JioPhone Next smartfonuny anons etdi. Bu anons her ýyl geçirilýän metbugat
konferensiýasynyň dowamynda Reliance-iň başlygy Mukeş Ambani tarapyndan
edildi diýip, www.ixbt.com habar berýär.
Enjam gurluşy barada jikme-jik maglumatlar ýok. Suratda bu gurluşyň bir
kamera we yzky panelde daktiloskopik datçik bilen üpjün edilendigi görkezilýär.
Mukeş Ambani JioPhone Next-iň 10-njy sentýabrda satuwa çykaryljakdygyny we
“Hindistanda hem-de tutuş dünýäde iň arzan smartfon boljakdygyny” aýtdy. Şeýle-
de bolsa, belli bir baha heniz mälim edilenok.
Alphabet-iň baş direktory Sundar Piçai smartfonuň programma üpjünçiligi
barada giňişleýin gürrüň berdi. JioPhone Next smartfony Android Go operasion
sistemasynyň dolandyrmagynda işlär, ol içki Google Camera Go, Chrome we
Google Play programmalary bilen üpjün ediler. Sundar Piçai Mauntin-Wýudaky
toparynyň bu gurluş üçin ýörite Android operasion sistemasynyň wersiýasyny
kämilleşdirendigini aýtdy. Metbugat relizine laýyklykda, ol Android täzelenmesini
göterer we goşmaça funksiýalara eýe bolar. Suratda smartfonuň ses kömekçisini,
terjimeçini we üsti ýetirilen hakykat elementleri bolan akylly kamerany
göterýändigi barada hem aýdylýar.
Şeýle-de, şular ýaly telefonuň döredilmeginiň esasy sebäbi atlandyryldy.
Ýagny, bu 300 mln ulanyjynyň heniz hem 2G bagly bolmagy we ýurdy könelişen
aragatnaşyk standartyndan halas etmek üçin olara “adatdan daşary elýeterli”
çözgüdiň gerekdigi bilen baglydyr.

Türkmenistanyn Magtymguly adyndaky

Türkmen döwlet uniwersitetinin

Fizika fakultetinin talyby: Babajanow Rustam