Moderna kompaniýasy koronawirusa garşy sanjymynyň adyny üýtgetdi. Indi
derman serişdesi Spikevax diýlip atlandyrylar. Bu barada Ýewropanyň derman
serişdeleri agentliginiň saýtynda aýdylýar diýip, Day.Az belleýär. Mundan öň
derman serişdesiniň ady kompaniýanyň ady bilen gabat gelýärdi.
Moderna kompaniýasy sanjymyna kompaniýanyň adyndan tapawutly söwda
adyny beren sanjymlary Ýewropada tassyklanan dört öndürijiniň üçünjisi boldy.
Pfizer/BioNTech-iň sanjymy “Comirnaty”, AstraZeneca-nyň sanjymy “Vaxzervia”
ady bilen ýola goýulýar. Janssen kompaniýasynyň (Johnson & Johnson
korporasiýasynyň düzümine girýär) derman serişdesiniň aýratyn ady ýok.
Ýatlap geçsek, Moderna-nyň öndürýän sanjymynyň täsirliligi 2021-nji ýylyň
aprel aýyndaky maglumatlar boýunça, alamatly COVID-19 ýagdaýlaryna garşy
90%-den we keseliň agyr geçişine garşy 95%-den gowrakdyr. Maý aýynynyň
başynda Bütindünýä sanjym kongresi Moderna derman serişdesini COVID-19-a
garşy iň gowy sanjym diýip ykrar etdi.
Moderna sanjymynyň adyny üýtgetdi
