«Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly Halkara sergisiniň çäklerinde Aşgabat modeller öýüniň dizaýnerleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan hem-de ýurdumyzyň dokma toplumlarynyň synag önümçilik bölümleriniň täze lybaslar toplumlarynyň görkezilişi boldy.

Türkmen dizaýnerleriniň ylhamy we zehini bilen döredilen ajaýyp lybaslarynyň toplumlary milli lybaslary taýýarlamagyň gadymy ýörelgelerini hem-de häzirki zaman meýillerini özünde jemläp, türkmen önümleriniň ýokary hilini beýan edýän özboluşly mahabata öwrüldi. Ýüpekden, mahmaldan hem-de keteniden işlenip taýýarlanan, nagyşlar bilen bezelen ajaýyp lybaslar, şeýle hem adatça toý dabaralarynda zenanlaryň ajaýyp bezegine öwrülýän lybaslar kümüş şaý-sepleriniň sazlaşygynda tomaşaçylaryň el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Şeýle hem bu görkezilişde Fransiýanyň Maison Сoudert modalar öýüniň hem-de Özbegistanyň «Sharg liboslari» Dizaýn merkeziniň wekilleri Aşgabatda ilkinji gezek öz lybaslar toplumlaryny görkezdiler. Bir toplumda dürli ýüpek matalaryň sazlaşygy, bezeginiň nepisligi we gözelligi, ajaýyp agşamky lybaslarda Swarowski gymmatly daşlaryň ýalpyldylary jadyly ertekiler dünýäsini ýada salýar.