Mermer deňzindäki nem bilen göreşmegiň çäklerinde türk hünärmenleri 5 738
kub metr deňiz nemini – deňiz jandarlarynyň janyna howp salýan adaty bolmadyk
fitoplanktony peýdaly ulanyşa iberdiler.
Day.Az-yň Lenta.ru salgylanyp habar bermegine görä, bu barada Türkiýäniň
daşky gurşaw we şäherleşme ministri Murat Kurum özüniň Twitter sahypasynda
habar berdi.
22-nji iýunda Mermer deňzini kislorod bilen üpjün etmek işine başlandy.
Onuň aýtmagyna görä, arassalaýyş kampaniýasynyň 15-nji gününde
Stambulda 2 225 kub metr meýdany, Kojaelide – 412 kub metr, Bursada – 133 kub
metr, Tekirdagda – 153 kub metr, Balykesirde – 577 kub metr, Çanakkalda – 628
kub metr, Ýalowda – 1 610 kub metr meýdany nemden arassalamak başartdy.
Türkiýe Mermer deňzi arassalamagyny dowam etdirýär
