Germaniýada planetany adamzadyň ýaramaz täsirinden halas etmegiň täze
mümkinçiligi tapyldy. Milli demirýol operatory Deutsche Bahn (DB) yzygiderli
demir ýol gatnawlary ulgamyny giňeltmek arkaly adamlary awtomobilden otlulara
geçirmek meýilnamalary barada habar berdi diýip, Associated Press ýazýar.
Muny lenta.ru ýetirýär.
Ýakyn ýyllarda tutuş ýurt boýunça birnäçe ýyllap ulanylmadyk 20 sany demir
ýol bölegi açylar. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň häkimiýetleri dizel
hereketlendirijili ýeňil awtoulaglara we ýük ulaglaryna garanda, ekologiýa taýdan
arassa ulaglaryň hyzmat ediş mümkinçiligini artdyrmagy göz öňünde tutýar. Täze
ugurlar Berlinde we Dýusseldorfda birnäçe gatnaw liniýalaryny, beýleki ýerli
ugurlary, şeýle-de Germaniýanyň günorta-günbataryndaky Braýzahdan
Fransiýanyň Kolmar şäherine gatnawy öz içine alýar.
“Biz adamlaryň ünsüni demir ýola çekmek we demir ýol arkaly has köp ýük
ibermek isleýäris. Ýoluň her kilometri howanyň işjeň goragydyr” – diýip,
Deutsche Bahn-yň infrastruktura bölümçesiniň müdirler geňeşiniň agzasy Ýens
Bergmann belledi.
Gaýtadan dikeldilmeli demir ýol böleklerini gutarnykly saýlamazdan öň,
hünärmenler 1,3 müň kilometr ýoly hasapladylar. Jemi 245 kilometr ýol açylar,
Germaniýanyň demirýol ulgamynyň umumy uzynlygy 33 müň kilometrden
gowrakdyr.
Iýun aýynyň başynda DB-niň wekilleri Germaniýanyň ähli demir ýol
ulaglaryny gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçirmek meýilnamalary
barada habar berdiler. Ýurduň esasy demirýol operatorynyň “ýaşyl” başlangyjy
boýunça, 2038-nji ýyldan otlular Gün, ýel stansiýalaryndan, şeýle-de suwdan we
biomassadan alnan ýangyç bilen hereket edip başlarlar.
Germaniýa planetany otlular bilen halas etmekçi bolýar
