Ýaponiýanyň işden giden 65 ýaşdan 87 ýaş aralygyndaky polisiýa işgärleri
23-nji iýuldan 8-nji awgust aralygynda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň
desgalaryny goramak üçin meýletinçiler hökmünde gatnaşarlar. Bu otrýad bilen
tanyşlyk paýtagtyň polisiýa edarasynyň jaýynda geçirildi diýip, Milli jemgyýetçilik
telewideniýesi habar berdi. Muny Day.Az ýetirýär.
Weteran polisiýa işgärleriniň toparynda häzir 90 adam bar. Olar, esasan,
Oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralarynyň geçiriljek Tokionyň Milli stadionynda
nobatçy bolarlar.
Weteranlar tomaşaçylaryň zatlaryny barlamaga, adamlaryň akymyny
kadalaşdyrmaga gatnaşarlar. Şeýle-de, olar Olimpiadanyň gatnaşyjylaryna we
myhmanlaryna abanýan howpy gözlemek üçin sosial ulgamlaryndaky ýazgylara
serederler.
Otrýady tanyşdyrmak dabarasynda polisiýa işgäri hökmünde 1964-nji ýylda
Tokioda geçirilen Olimpiadany goramaga gatnaşan 87 ýaşly Ýudzo Sudzuki çykyş
etdi. Ol özüniň weteran kärdeşlerini howpsuz we gyzykly tomusky Oýunlary
geçirmekde ýaşlara ähli güýçleri bilen kömek etmäge çagyrdy. Tokionyň
häkimiýetleri häzirki Olimpiada näçe polisiýa işgäriniň gatnaşjakdygyny heniz
mälim etmediler, ýöne olaryň sany azyndan 5 müň bolar diýlip çaklanylýar.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Ýaponiýanyň weteran polisiýa işgärleri Olimpiýa oýunlaryny goramaga kömek eder
Ýaponiýanyň weteran polisiýa işgärleri Olimpiýa oýunlaryny goramaga kömek eder

RU












