Hozlaryň ähli görnüşleri mikroelementlere we witaminlere, beloklara we
aminoturşulyklara örän baýdyr. Günde hoz iýýän adamyň bedeninde zyýanly
galyndy bolmaýar, onuň ýüregi we beýnisi has gowy işleýär.
Arahis (oňa ýer hozy hem diýilýär) ýeňil ýaglaryň hasabyna örän ýokary
kuwwatly iýmit hasaplanylýar. Ol diňe tiz wagtyň içinde dokundyrmak bilen
çäklen-män, eýsem artykmaç holesterini hem aradan aýyrýar. Ýer hozy (arahis)
kaliý, fosfor, B1, B2, D witaminlerine baýdyr. Bu mikroelementler ýürek-damar
we myşsa ulgamyna, kelle beýnisiniň we bagryň işi üçin peýdalydyr. Arahis
ýatkeşligi berkidýär, akyl taýdan işjeňligi artdyrýar. Diýetologlar çig arahisiň agyr
özleşdirilýändigini belläp, ony gowrup iýmegi maslahat berýärler.
Hoz iň peýdaly iýmitleriň biri hasaplanylýar. Onuň dü-züminde gan
damarlaryny ber-kidýän E witamininiň we immuniteti berkidýän C wita-mininiň
köp mukdary bardyr. Hoz ýatkeşligi berkidýär, ganyň düzümindäki holesteriniň
dereje-sini peseldýär, ýüregi we bagry goraýar. Hoz aterosklerozyň we ýokary gan
basyşynyň öňüni almakda örän peýdalydyr. Ol immun ulgama oňaýly täsir edýär,
nerw bozulmalarda we ukusyzlykda kömek edýär.
Gadymy Afrika taýpalarynyň tebipleri keşýu hozy diş we diş etiniň
kesellerinde giňden ulanylypdyr. Bu hoz E witaminine baýdyr. Şol sebäpli hem ol
süýjibaşdan, teňňeli demrewden we madda çalşygynyň bozulmagy netijesinde
dörän beýleki deri kesellerinden ejir çekýänler üçin peýdalydyr.
Pisse (tokaý hozy hem diýilýär) E witaminiň we myşsa dokumalarynyň
berkemegine ýardam berýän, garramagy haýalladýan belogyň üýtgeşik sazlaşygy
bilen tapawutlanýar. Bu hoz gipotoniýadan (pes gan basyş) ejir çekýänlere kömek
edýär. Şeýle hem ol damarlaryň warikoz giňelmeginde, ganazlykda we trofik baş
keselinde örän peýdalydyr. Ýokary energetik gymmatlygy bolany sebäpli tokaý
hozy çörekden, süýtden, hatda şokoladdan hem ýokumlydyr. Muňa garamazdan,
düzüminde uglewodlaryň az bolanlygy sebäpli pisse berhiz tutýanlar, şeýle hem
süýji keselden ejir çekýänler üçin örän peýdalydyr.

Mähri Misekowa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet
we dolandyryş institutynyň talyby.